Гуру Песен Популярное
А Б В Г Д Е Ж З И К Л М Н О П Р С Т У Ф Х Ц Ч Ш Э Ю Я
# A B C D E F G H I J K L M N O P Q R S T U V W X Y Z

Hajy Yazmammedow - Altyn biri | Текст песни


Bir şahada alty nara,
Meňzäp duran alty jora.
Işden gelip agşam ara,
Guyudan suw çekip gitdi.

Aklym aldy altyň biri,
Her bakyşy derde däri,
Ýüregimde şondan bäri,
Yşk ataşyn yakyp gitdi.

Suw diledim agzym gurap,
"Içiň!"diydi ýylgyrjyrap,
Içdim gyza ogryn garap,
suw yakamdan akyp gitdi.

Has dogumly,has berdaşly,
On sekiz-on dokuz yaşly,
Gülyakasy tylla gaşly,
Ýyldyrym dek çakyp gitdi.

Söýenimi aňlamady,
Ya aňsa-da geňlemedi,
Diyjek sözüm diňlemedi,
Gözün-gaşyn kakyp gitdi.

Belki onuň yary bardyr,
Bir görmäge zary bardyr,
Ya-da mende ary bardyr,
Ýürejigmi yakyp gitdi.
Bogun-bogun söküp gitdi.

Статистика страницы на pesni.guru ▼
Просмотров сегодня: 1
Популярное сейчас
Видео
Нет видео
-