Ýene-de diýdiler: «Ulalyp ýaşyň, Garaja gyl bilen basyrlar döşüň». «Döşüňe bitýänçä şol gyl – diýdiler. Günäňi geçerler, ogul!» diýdiler. «Döşüňe bitensoň şol gyl – diýdiler, Döşüňe mynasyp bolgul!» diýdiler.
Diýdiler: «Dünýäde nämedir gyt zat?» Üç gezek diýdiler: «Ussat! Ussat! Ussat!» «Näçe gyt bolsa-da ussat – diýdiler, Çyn şägirt ondanam gyt zat!» diýdiler. «Öwrenip ilkinji harpy – diýdiler, Gomalar şägirdiň galpy!» diýdiler. «Galp şägirtden boluň hüşgär!» «Emer-de, emjegňi dişlär!» diýdiler.
Ýene-de diýdiler: «Ulamy-kiçä, Öljegňi bilseň-de, ýalbarma kişä!»
«Diňe bir adama ýalbar!» diýdiler. Onuňam adyna dilber diýdiler. «Aýyp däl näzini çekmek – diýdiler, Näzden ýüzün sowan – akmak!» diýdiler.
«Ýene iki merde ýalbarmak bolar – Diýdiler – ene hem atadyr olar». «Ataňa ýalbarsaň – galkynar ruhy». «Eneňe ýalbarsaň – kemeler ahy», «Kim etse şolara tagzym – diýdiler, Işi rowaç, ýaşy uzyn!» diýdiler.
...Ene kän edepleň tutdular adyn. Diýdiler: «Gabanma özgäň şöhratyn!» «Gabanma zehiniň ezelligini!» «Gabanma öz joraň gözelligini!» «Gabanma öz äriň gerçekligini!» «Gabanma öz gelniň alçaklygyny!. Ne näzlerin, ne-de sözlerin gaban, Diňe oýnaklatsa... gözlerin gaban!»
Diýdiler: «Erkekden belentdir aýal!» «O nämüçin?» diýip berdiler sowal. Jogabyn berdiler: «Gutaryp ömrüň, Ýagty dünýä bilen hoşlaşsaň bir gün – Aýal är ojagyn saklar – diýdiler, Söýgiňi müň kerem haklar!» diýdiler. «Çagalaryn iýdir, geýdir – diýdiler, Şeýdip ýaş ömrüni köýdir!» diýdiler.
«Emma beýdip bilmez erkek – diýdiler, Bu babatda pesdir entek!» diýdiler. «Altmyşdan, ýetmişden geçse-de saly, Gözlerin ýumdumy eziz aýaly – Ýatdan çykyp wepa, ygrar – diýdiler, Ikinjiň gözlegne ylgar!» diýdiler.
...Diýdiler, diýdiler, diýdiler kän zat. Käbirisi aňsat. Köpüsi kyn zat. Aňsadyn – hemmeler başar – diýdiler, Kynyn başarmakda iş bar – diýdiler. Kyn hem bolsa, Şudur wesýet – diýdiler. Diňe kyn zat – Şol mukaddes! – diýdiler.