Diydin sen: \"Işçiler nädip oňýarka Alýanja şojagaz aýlygy bilen?..\" Emma weli işçin günlük baylygyn, Deňäp bilmen ýyllyk baýlygyň bilen.
Seniň puldan başga bilýän zadyň ýok. Pikiriň-zikiriň pul, pul, ýene pul. Bolmasa-da bizde gul diýilýän zat, Sen gul! Haram puluň elindäki gul!
...Agaň soňky demde hyrkyldap ýatyr. Sen onuň yzyndan gitmäge derek Şu günki gazanan puluňy sanap, Ekstra bilen urýarsyň börek.
Syrkaw dem sanaýar, sen pul sanaýaň. Men bolsa gazan gapgaryp pitä, Bugy hem gaýtmadyk jüýje çorbasyn Seniň dertli agaň yzyndan eltýän.
Sen bolsa şo mahal sanan puluňy, Desseläp, desseläp, daňýardyň müňden. Emma meniň kisäm müňsizem bolsa, Şo mahal müň esse bagtlydym senden.
...Obadaş tanyşyň ýogaldy bir gün. Duran-duran ýerden ylgady uly il. Sen bolsa (\"syrkaw men, işli men...\" diýip) Tapyndyň özüňe müň dürli delil.
Men bolsa şol mahal egnim tabytly, Dostuňy göterip barýardym öňden. Şonda meniň kebzäm hasratlam bolsa, Müň esse baýdym hem bagtlydym senden!
...Dileg edip geldi garryja eneň. Bende dilegçi hem däldir-le weli, Düwünçekmi ýa-da atgulak üçin, Azajyk ýetmedik bolarly puly.
Sen oňa köneje 5-lik uzatdyň, Soň 3-lik uzatdyň (kesendek tenden!) Men bolsa şo mahal öz enem bilen Müň esse baýdym hem bagtlydym senden!
Ne roman okaýaň, ne-de bir goshgy. Okamak deregine içýäň hem iýýäň Bir kitap görkezsem, saldarlap görüp, \"Şuňa näçeräk pul aldyka?\" diýýäň.
Beýik Magtymgulynyň kitabyny hem, Özüň däl, getirip beripdir ogluň. Halal, haram hakda okan mahalym- Kitaby ýyrtaýjak, ýyrtaýjak bolduň.
Dogrulyk hakyndaky ýekeje söz hem Ýerleşip bilenok pos basan beynäş... Men bolsa her agşam bagrymy berip Puşkine, Pyraga, Nowaýa, Geýnä,
Bal arysy ýaly şire toplaýan Danalaň dürdäne setirlerinden. Şol pursat bar öýüm, maşgalam bilen Müň esse gurply men, Bagtly men senden!
...Söýgüden doýanok menin gözlerim. Seniň gözleriň bolsa doýanok zatdan Köpügiň hasaplap uzynly gije, Mele- gelniňi-de çykarýan ýatdan.
Men bolsa şo mahal mele gujakda, Her minutda iki ýaşyny ýaşap, Uly söýgi bilen ýeten bagtymyň Kä lebinden, käte gözünden ogşap-
Seniň puluň sany çen-çakdan çyksa, Meniň posa sanym çykýardy çenden. Şo mahal özüm hem, gelnim, öýüm hem Müň esse baýdyk hem bagtlydyk senden.
...Her gije, her säher eýmençden-eýmenç Gara wakalary görüp düýşüňde, Käte basyrganyp, käte gygyryp, (Hiç zatdan gorkmasyz) juwan ýaşyňda, Maşyn sesi çyksa, tisginip turup, Çyrany-da ýakman, ylgaýaň gapa!.. Biz bolsak şo mahal çagalar bilen Gark bolup iň süýji, lezzetli uka, Zähmetiň, Söýginiň eşretin görüp, Nur sorup ýatyrys ertirki günden. Müňläp nulumyz ýok. Emma müň esse Baý biz, arkaýyn biz, bagtly biz senden.