Гуру Песен Популярное
А Б В Г Д Е Ж З И К Л М Н О П Р С Т У Ф Х Ц Ч Ш Э Ю Я
# A B C D E F G H I J K L M N O P Q R S T U V W X Y Z

Kerim Gurbannepesow - Gelinler hakda[vk.com/bagshylar] | Текст песни

Kän zatlar modadan gaçýar diýseňem,
Ýadyňdan çykypdyr gaýyndyr-gelin.
Diýip bir ýygnakda Dürjemal eje,
Oturan ýerinden göterdi golun.

Hem diýdi, ne yssy ne sowuk suwa
Gelinler batyrmak islänok elin.

Käbirisi bolsa, ýatmakdan başga,
Zähmet diýen zady görmändir başda,
Ne tikin oňarýar, ne-de bir keşde,
Söýüşýän ýigidiniň içjek çaýynam,
Hyk-çok edip zordan gaýnadýar peçde.

Henizem köşegim olaryň bagtyna,
Wagtynda döräpdir gaz diýen ojak.
Ýogsa dagy ärem ajyndan öljek,
Çagalaram,özem ajyndan öljek.

Ne hamyr ýugurýar, ne ot goýberýär,
Ne nan ýapyp bilýär, aňkaryp otyr.
Ne-de diplomy bar, ne işläp bilýär,
Aý garaz ne hamyr ne petir.

Bilmedim enäniň, bilmedim ataň,
Bilmedim mekdebiň, kimiň günäsi?
Ne kitap okaýar, ne-de bir gazet,
Hindi kinosynda ähli dünýäsi.

Ýada gelinleriň topalaň oýuny,
Ýada şoňa meňzeş başga topalaň.
Işiginde bolsa Köpetdag ýaly,
Üýşüp ýatyr öten ýylky hapalar.

Guguldap işige gelende maşyn,
Bir bedre hapany ataýsa käte,
On günläp öwünýär,
Sen bolsa diýýäň:
\"Atmanjyklar geçen bolsadyň käşgä\".

Wahh janym edere işem ýok bizde,
Ýaşaýan ýerimiz şäheriň içi.
Ne hä düýämiz bar, ne-de sygrymyz,
Ne-de owlagymyz bar, ne-de bir geçi,
Birje pişigimiz bar, ajyksa olam
Özjagazy tapýar iýjejik zadyn,
Oňa agtyjagymyň çyrşagam ýetýär,
Döküp-saçyp otyr eýjejik zadym.

Balam beýle gelin ýeke mende däl,
Goňşymda-da otyr şoň ýaly gelin,
Haýsy öýe, haýsy işikden baksaň,
Garşyňda-da otyr şoň ýaly gelin.
Geleniň-geçeniň aýagyn synlap,
Daşarda-da otyr şoň ýaly gelin.

Meniň dulumda-da otyr üçüsi,
Şu gun öýlerine gaýtdy goçusy.
Mydama öýlerinde küýi-köçesi,
Tüweleme şu gün öýde kiçisi,
Üç aýdyr kakylman ýatyr keçesi.
Gelin, keçäňi bir kakawer diýsem,
Daňdan bilen sojap geldi ejesi.

Müňlerçe öýleriň günün bulaýan,
Gelinleriň ejesi ýa-da bajysy.

Geliniňä on dokuz-ýigrimi ýaşly,
Seniň ýaşyň bolsa altmyş ýa ýetmiş.
Ejeleň pikiriçe şolaryň akylyndan,
Jüýje dek gyzlarynyň akyly köpmüş.

Ejeler gyzlarynyň tarapyn çalýar,
Gyzlaram örç alýar öňküden beter
Şu zatlar hakynda bir goşgy ýazsaň
Belki ile-güne kömegi ýeter.

Ýygnakda şeý diýdi Dürjemal daýza,
Menem onuň sözüni geçirdim goşga.
Wahh ýöne bu goşgym gelinler däl-de,
Başgarak zat hakda bolsady käşgä.

Ýazasyň gelenok ýaman zatlary,
Gelinler,gözeller,eneler hakda,
Olaryň görmegin,akyl-paýhasyn,
Wasp edesiň gelýär gözel toprakda.

Zyýany ýok, siziň hemmäňiz hakda,
Öwgüli bir goşgy ýazaryn täze.
Gelinleriňe-gudalaryňa salam aýt,
Häzirlikçe sag bol Dürjemal daýza.

Kerim Gurbannepesow еще тексты


Видео
Нет видео
-
Оценка текста
Статистика страницы на pesni.guru ▼
Просмотров сегодня: 2