Isläsi geler meň bilen Islemedik zadyny Söz bilen taryp eder ýaly däl onuň höwesini, Duýdansyz gaty ýapsa maşynyň gapysyny Diymek ol çyny bilen gabanýar maňa jorasyny Söýgiň bahasynyň ýoklugyna hiç düşünmez Meň bilen otag içi - ýer şaryndaky merkez Başga hiç kime mätäçligi ýok Bulutly asmanam munyň üçin hemişe gök Ýaşyldan pul - Benjamin onuň kakasy Hiç kimden erkek ýaly soramaz gaýtargysyn Başlanan gije hemişe daňdana çenli dowam Durmuş aladasy doredenok sowal Men oň üçin elýetmez Lovelace Süýji sözlerimiň fonynda oň sesi owadan saz Garaňlyda görýän gözleriniň ýanyşyn Meň oňa duýgym ýalan, ýöne oňky maňa çyn
Sebäp barmy? Ýa-da sebäp ýok? Ol zatlar ony hiç gyzyklandyryp duranok Onuň gözlerinde diňe men Ol we men, ýene men, diňe diňe men Gabanjy goýmaz ýanynda garşydaşy Ýanynda meň sakally ýüzüm bolmaly ýassykdaşy Gerek bolsa ine maşyn islendik wagtyň sür Nika şahadatnama özi goýan yaly möhür Maňa hezil, ynanýar aýtsamam ýalany Esasy düzgün: gurmajak bolmaly maşgalany Meň ýok wagtym oň parhyna däl Men bar mahalym men oňa saýlaýan kär Aşhanada, ýa-da hammam, ýa-da myhman otagy Käwagt aglar oturyp içinden gurup hajathanany... Men oňa düşünýän Balam gel gujakla meni, era üşeýär
************************************* Nireden sen gyz?, hany maňa sözle Men özümi tanamok seniň gňzüňde Diýýän ýaly sen maňa: “Sebäbini gözle” Senden doýsamam, ýene meniň gözüm gyzda **************************************