Ata watan, ene toprak Parahat asmanda ýalkym saçýan güneşli nurum bar Dillerimde sena watan Belentde parlaýan ýaşyl baýdagym bar, ýaşyl tugym
Sen arkadaýanjym, gözde guwanjym meniň watanym!
Eziz Türkmenistanym, sen jigerimde janym Bütün äleme dolsun seniň şöhratyň şanyň Watanym göwün şadym, batlansyn ýene badyň Gülle sen garaşsyz, bitarap Türkmenistan!
Arkadagym, howandarym Yhlasyňdan gülleýär meniň mukaddes topragym Eziz diýar, jennet mekan Watanym diýip urýar gursagymda meniň ýüregim
Sen arkadaýanjym, gözde guwanjym meniň watanym!
Eziz Türkmenistanym, sen jigerimde janym Bütün äleme dolsun seniň şöhratyň şanyň Watanym göwün şadym, batlansyn ýene badyň Gülle sen garaşsyz, bitarap Türkmenistan!
Eziz watan, şöhrat şanyň, dünýä dolsun, gülle watanym!