Гуру Песен Популярное
А Б В Г Д Е Ж З И К Л М Н О П Р С Т У Ф Х Ц Ч Ш Э Ю Я
# A B C D E F G H I J K L M N O P Q R S T U V W X Y Z

Palwan Halmyradow - Ar bilen [2014] (rainsson) | Текст песни

Ar bile
Dyrnagy demirden talaňçy dünýä,

Işiň ýokdur namys bile, ar bile.

Jebri jepasy köp, ýalançy dünýä,

Goýmaz sen gezmäge ýary-ýar bile.



Muhubbet öwjünden ýar bir gel diýse,

Matlabyňny istäp, menden al diýse,

Bir gün durduň, bir gije hem gal diýse,

Gadam goýsam aýak ýerne ser bile.



Ösdükçe öwj eder dünýäniň ýeli,

Kast etse, gurudar derýaýy - Nili,

Bir günde esredip, mest eder pili,

Bir günde nist eýlär peşe per bile.



Zeminiň üstüne daglar çökär sen,

Tomaşagär bolup, kesä çykar sen,

Her närsäni bir wejhile ýykar sen,

Jülgäni sil bile, dagy gar bile.



Telmuryp, dat etseň, gulak tutmaz sen,

Ýyglap, ýaş dökene rehim etmez sen,

Jan matagyn alsaň, gaýdyp satmaz sen,

Ýene dönüp almak bolmaz zer bile.



Leýli üçin ne jebr etdiň Mejnuna,

Zalym, ynsap eýle bu nähak huna,

Günde kyrk at bezäp berdiň Karuna,

Isa mydar berdiň ýeke har bile.



Magtymguly aýdar, işim talandyr,

Bu nobat çohlardan geçip gelendir.

Ygtybaryň ýokdur, sözüň ýalandyr,

Dost goýmadyň, ýegsan etdiň ýer bile.


Palwan Halmyradow еще тексты


Видео
Нет видео
-
Оценка текста
Статистика страницы на pesni.guru ▼
Просмотров сегодня: 2