Bütin oba garaşyp dur.
ýola bakýar hemmeler.
Atasy pyşyrdaýar:
“Geler. Geler. Geler”.
Gelnejesi pyşyrdaýar:
“Gelermikä? Kim biler...”
Atasy göwünlik berýär:
“Geler-le... hökman geler”.
Gök toraňňyň saýasynda
ýüzläp adam dymyp dur.
Çekizeli ak haltadan
Turşy damja damyp dur.
ýygnanyşdy babadaşlar,
Içginler hem daşgynlar.
Ne signal bar, ne şowhun-
Dymyşyp dur maşynlar.
Geldi dürli maşynlar -
Gyzyl, sary, ýaşyl, ak.
Geldi garaşylmaýanlar.
Garaşylyan gelenok.
Göýä pikir hem etmän
Bu gürrüňler babatda.
Ak guş kimin irkilip,
Ene ýatyr tabytda.
Göterlerne garaşyp dur
Köpi gören agaç at.
Ene ýatyr üstünde
Giň maňlaýly,
Agajet.
Şol enäniň ogluna
Garaşyp dur hemmeler.
Geldi tanyş, nätanyş -
Geldi şondan öňňeler.
...Ol henizem gelenok.
Meger, häzir yoldadyr.
Iň söygüli ulagy
Samolýot däl, “Wolgadyr”.
ýöne weli uçurýandyr
Samolýota deňeçer.
Şondan yza-ha galmaz,
Oňarsa öňe geçer.
Ol henizem gelenok...
Meger, häzir ýoldadyr.
ya-da iki eli hem
Ullakan stoldadyr.
Tüweleme, uly adam
Bolup gitdi indi ol.
ýaňy bolsa has ullakan
Bir stula mündi ol.
“Sypaýmasyn birden!” diýip,
Oturandyr ýapyşyp.
Owadanja gelinler
Çay çekýändir çapyşyp.
Üytgeşikdir öňündäki
Kişmiş, kemput, şokolad.
ýa gök çaýyň humaryna
ýazýandyr bir doklad.
ýok, ýok, özi doklad ýazmaz,
ýazýandyrlar başgalar.
ýaranjaňlar her sözüne
Ellerin çarpyşarlar.
Ol bolsa özi ýazýan dek
Gülümsirär, ýylgyrar.
ýazanlar onuň deregne
Utanjyrar, ýygrylar.
ýigrimi ýyl mundan ozal
Gutarypdy bir WUZ-y.
Ony oňa gutardan hem
Tabytdaky ezizi.
Güyzde pagta ýygypdy.
Gyşda körek çöpläpdi.
“Oglum ullakan okuwda!”
Buysanç bilen gepläpdi.
Howdan gurdy, gazy gazdy
Laýa batyp dyzyndan.
ýygnanjasyn lükgeläp
Ibererdi yzyndan.
Ogly üçin ak mütgelden
Bir haltajyk tikindi.
Üçlügini, manadyny,
Şaýysyny, köpügni-
Artdyranja puljagazyn
Atdy şonuň içine.
Şeýde-şeýde kyrk ýaşynda
Ak çozupdy saçyna.
Ogly okuwyn gutardy.
Ene dertläp ýykyldy.
Ol şonda sypap otyrdy
Bir gözeliň çokulny.
Dakýardy enäň pulundan
Her barmagna bir yüzük,
Gulagyna teneçir,
Bilegine bilezik.
Söyüşdi, gujaklaşdy.
Paýtagtdan jay tutundy.
...Enesinden utanmady,
Ene ondan utandy.
Ene käte paýtagta
Gezmäge gelen wagty,
Gelni diýdi: “yok etsene
Bu porsy garabagty!”
Ogly diydi: “ýakymsyz
Ysyň bar-la, jan eje.
Bu eýyamda arassa
Bolmaly myhman, eje!”
Ene diýdi: “Wah, jan ogul,
Her niçe porsasak-da,
Ulalansyň, ýetişensiň
Şu porsuja gujakda...”
Soňra bolsa uzak gije
ýorganynda aglardy.
Daňyň atarna mähetdel,
Otla tarap ylgardy.
...Şeýde-ş
керим гурбаннепесов еще тексты
Другие названия этого текста
- керим гурбаннепесов - язмасы агыр душен гошгы (0)
- Kerim Gurbannepesow - Ýazmasy agyr düşen goşgy (0)
Оценка текста
Статистика страницы на pesni.guru ▼
Просмотров сегодня: 1